Sepleriň elýeterliligi

G-20 toparynyň Seuldaky sammiti tamamlandy


Anna güni dünýäniň ykdysady taýdan ösen 20 ýurdunyň Seuldaky sammiti tamamlandy.

Bu sammite gatnaşyjylaryň bilelikdäki eden beýanatyna laýyklykda, olar pul birlikleriniň bäsleşliginden saklanmaga ylalaşdylar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama söwdanyň adalatsyz alnyp barylmagynyň ykdysady krizisden çykmaga kynçylyk döredip biljekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Hytaýyň eksport edýän harytlarynyň nyrhyny pes saklamak üçin pul birliginiň hümmetini bilkastlaýyn peseldýänligini öňe sürýärler.

“Hytaý özüniň pul birliginiň hümmetini pes derejede saklamak üçin ummasyz pul sarp edip, bazara täsir edýär. Şonuň üçin biz Hytaýyň bazar ykdysadyýetine geçmeginiň möhümdigini belleýäris” diýip, Obama aýtdy.
XS
SM
MD
LG