Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG: Gaitidäki mergi epidemiýasy üçin $164 million gerek


Birleşen Milletler Guramasy Gaitide ýaýran mergi epidemiýasynyň öňüni almak üçin 164 million dollar möçberinde pul kömeginiň gerekdigini yglan etdi.

BMG-niň gumanitar işleri utgaşdyrýan bölüminiň metbugat wekili Elizabet Baýersiň aýtmagyna görä, bu pullar Gaitä goşmaça lukmanlary çagyrmak, dermanlary we suw arassalaýjy abzallary satyn almak üçin harç ediler.

Geçen aý Gaitide ýaýran mergi epidemiýasy netijesinde 720 çemesi adamyň ölendigi we 11,000-den gowrak adamyň bu kesele duçar bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG