Sepleriň elýeterliligi

Şu suratyň peýda bolmagyna dünýä jemgyýetçiligi 2003-nji ýyldan bäri garaşyp gelýärdi.

7 ýyllyk öý tussaglygyndan soň, şu gün Mýanmaryň demokrat lideri Aň San Su Çi Ýangondaky kölüň gyrasynda ýerleşýän howlusynyň derwezesinden özüniň tarapdarlary bilen salamlaşdy.

Aň San Su Çiniň öý tussaglygynyň möhleti 13-nji noýabrda tamamlandy. 65 ýaşly “Nobel” parahatçylyk baýragynyň eýesi Su Çiniň müňlereçe tarapdarlary onuň tussaglykdan boşadylaryna garaşyp, howlusynyň daşynda garaşyp otyrdylar.

Milli lybasa bürenip, saçyny gül bilen bezän Su Çi şadyýan halda halky agzybirlige çagyrdy. Mýanmary 1962-nji ýyldan bäri harby häkimiýet dolandyryp gelýär. Su Çi tarapdarlaryna sag bolsun aýdyp, olary özüniň syýasy partiýasy bolan “Demokratiýa üçin milli birligiň” baş binasynyň öňünde 14-nji noýabrda etjek çykyşyny diňlemäge çagyrdy.

Soňky 21 ýylyň 15 ýylyny türmede ýa-da öý tussaglygynda geçiren Su Çiniň ady Günorta-gündogar Aziýa ýurdunda demokratiýa ugrundaky göreşiň simwolyna öwrülipdi.

7-nji noýabrda Mýanmarda geçirilen saýlawlarda harby dolandyryşa ýykgyn edýän partiýa uly tapawut bilen ýeňiş gazandy. Günbatar ýurtlary saýlawlaryň netijiesiniň galpdygyny öňe sürüp, ony ret etdiler. Su Çiniň partiýasy saýlaw düzgünleriniň adalatsyzdygyny aýdyp, ses berişlikleri boýkot etdi.

Su Çiniň partiýasy 1990-da ýylda geçirilen saýlawlarda uly üstünlik bilen ýeňiş gazanypdy. Emma harbylar oňa häkimiýeti tabşyrmakdan boýun towladylar.

Hökümete daýanýan topar Su Çiniň awtokerwenini duzaga düşürenden soň, ol 2003-nji ýylda öý tussaglygyna höküm edildi. Geçen ýyl ýurduň harby hökümeti Su Çini tussaglyk düzgünlerini bozanlykda günäkärläp, onuň tussaglyk möhletini ýene bir ýyl uzaldypdy.

Halkara reaksiýasy

Su Çiniň azatlyga çykarylmagyny dünýäniň dürli ýurtlaryndaky syýasatçylar we adam hukuklaryny goraýjylar gowy garşyladylar.

Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron bu kararyň gaty gijä galandygyny aýtsa, Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozy Su Çiniň söz we hereket azatlygyny hiç hili görnüşde çäklendirmezligi üçin Mýanmara öňünden duýduryş berdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Su Çiniň azat edilmegini mübärekläp, ony “gahryman” we dünýä üçin ylham çeşmesi hökmünde häsiýetlendirdi. Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso Su Çiniň “doly azat edilmegine” çagyryş edip, Mýanmardaky beýleki syýasy tussaglaryň hem ählisiniň boşadylmagy üçin harby hökümeti gyssady.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýolbaşçysy Neýwi Pillaý bu azat edişligi Mýanmaryň häkimiýetlerinden gelen oňyn yşarat hökmünde kabul etdi, emma Su Çiniň 7-nji noýabrdan öň goýberilmändigine “juda lapykeç” bolandygyny belledi.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara “Amnesty International” guramasy hem häzirki wagtda Mýanmardaky türmelerde 2,200-e golaý syýasy tussagyň bardygyna ünsi çekdi.

Aň San Su Çi şu aý Mýanmarda geçirilen saýlawlaryň netijesini gozgar diýlip garaşylýar. Onuň partiýasynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Su Çi ses berişliklerde boldy diýilýän galplyklar boýunça derňewleriň geçirilmegine ýardam eder.
XS
SM
MD
LG