Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejat Yragyň hökümet ylalaşygyny gutlaýar


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat Yragyň täze hökümet düzmek üçin gelen ylalaşygyna ýokary baha berdi.

Resmi IRNA habarlar gullugy Ahmedinejadyň Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki we prezident Jalal Talabani bilen telefonda gürleşendigini we olary hökümet düzmek meselesinde gelnen ylalaşyk bilen gutlandygyny ýazýar.

IRNA Ahmedinejadyň al-Malikä Tähran öz dostlukly goňşusy bilen hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary giňeltäge taýýar diýendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG