Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda iş ýerleriniň ýarmarkasy geçirilýär


25-nji noýabrda, sagat 10 bilen 12 aralygynda Aşgabadyň Çagalar we etginjekler köşgünde boş iş ýerleriniň ýaramarkasy geçirilýär. Bu çäre şäheriň Zähmet biržasy bilen Azatlyk etrap häkimligi tarapyndan guralýar.

Türkmenistan.ru internet gazetiniň ýazmagyna görä, bu çäre mynasybetli ähli guramalar, kärhanalar we firmalar 15-nji noýabra çenli özlerinde bar bolan boş iş ýerleriniň doly sanawyny bermäge borçly edildi we, pasporty hem zähmet depderçesi bolan ýagdaýynda, işlemek isleýänleriň hemmesi işe ýerleşdiriler.

Ýerli synçylar bu hili çärelerden işsizlere kömegiň azdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG