Sepleriň elýeterliligi

Karzaý harby operasiýalaryň kemeldilmegini isleýär


Owgan prezidenti Hamid Karzaý özüniň Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby operasiýalaryny, hususan-da gijeki reýdleri kemeltmegini isleýändigini, sebäbi olaryň adamlary Talyban pitneçilerine goşulmaga iterýändigini aýdýar.

Karzaý bu sözleri «Washington post» gazeti bilen gürleşende aýdy. Ol bu pikiriniň pitneçilige garşy strategiýanyň özeninde «tut we öldür» missiýasyny goýan amerikan generaly Deýwid Petreus bilen düşünişmezlige getirendigini belledi.

Gazetiň aýtmagyna görä, soňky üç aýda Birleşen Ştatlaryň owgan öýlerine geçiren ýörite operasiýalary netijesinde 368 sany pitneçi lideri ýa tutuldy, ýa öldürildi.
XS
SM
MD
LG