Sepleriň elýeterliligi

Owgan hüjümlerinde azyndan üç raýat öldürildi


Owgan resmileri şu günki bomba hüjümlerinde azyndan üç raýatyň öldürilendigini, ondan gowrak adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Ýurduň Içeri işler ministrligi Jalalabat şäherinde, NATO-nyň harby bazasynyň golaýynda bir adamyň galtaga berkidilen bomba ýarylanda ölendigini aýdýar.

NATO Talybanyň bu baza şenbe güni irden hüjüm edendigini, atyşyk mahalynda 8 jeňçiniň ölendigini aýdýar.

Päkistan bilen araçäkdeş Kandahar welaýatynda bolsa, welaýat gubernatorynyň sözçüsiniň aýtmagyna görä, motorly bombaçy iki adamy öldüripdir.
XS
SM
MD
LG