Sepleriň elýeterliligi

Ogurlanan owgan diplomaty iki ýyldan soň azat edildi


Owgan resmileri iki ýyl ozal Päkistanda zamun alnan owgan diplomatynyň boşadylandygyny aýtdylar.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Päkistanda ilçilige bellenen we Peşawardaky baş konsul Abdul Halik Farahiniň iki ýyl gowrak wagtdan soň, 13-nji noýabrda azat edilip, öz maşgalasyna gowşurylandygy aýdylýar.

Beýanatda ilçiniň boşadylmagyndaky hyzmatdaşlyk üçin päkistan hökümetine sagbolsun aýdylýar.

2008-nji ýylyň sentýabrynda gabawa salnan we ýarag astynda alnyp gidilen Farahiniň şu gün irden owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG