Sepleriň elýeterliligi

Prezident Obama Aziýa saparyny soňlap, yzyna gaýtdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama şu gün Aziýa 9 günlük saparyny tamamlap, Ýaponiýadan yzyna dolandy.

Saparyň dowamynda Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň täze ýarag şertnamasynyň tassyklanmagyna itergi berildi. Bu şertnama ABŞ-nyň Senatynda garşylyga duçar bolýar.

Şu gün irden Obama Ýaponiýada, Aziýa Ýuwaş okean Ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň gapdalyndan rus kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy.

Amerikan lideri bu duşuşykdan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berende täze şertnamanyň möhümligini nygtady we onuň iki tarapyň hem öz ýadro ýaraglaryny 30 prosent çemesi kemeltmegini talap edýändigini aýtdy.

Bu şertnama aprel aýynda gol çekildi, ýöne ol indi Senatdan geçmeli.

Şeýle-de iki lider Eýran babatdaky ýadro gapma-garşylygy barada pikir alyşdy.
XS
SM
MD
LG