Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň döwlet býujeti sosial çykdajyny artdyrýar


Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Tuwakmämmet Japarow 12-nji noýabrda geçen hökümet maslahatynda geljek ýyl sosial pudaga has kän serişde goýberiljegini aýtdy.

TDH-niň habaryna görä, 2011-nji ýyl boýunça döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75,7 prosentini sosial pudaga, bilime, ylma, saglygy saklaýyşa, medeniýete we sosial üpjünçilige, aýlyklary, pensiýalary, kömek pullaryny we stipendiýalary köpeltmäge gönükdirmek nazarda tutulýar.

Bu 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende 28,3 prosent köp serişdäniň sosial pudaga harç ediljegini görkezýär.
XS
SM
MD
LG