Sepleriň elýeterliligi

Obama Aziýa saparyndan ABŞ-a dolandy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) hytaýly kärdeşi Hu Sintao (çepde) we Britaniýanyň premýeri Dewid Kameron bilen Seuldaky sammitde, 12-nji noýabr.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) hytaýly kärdeşi Hu Sintao (çepde) we Britaniýanyň premýeri Dewid Kameron bilen Seuldaky sammitde, 12-nji noýabr.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama şu gün dokuz günlük Aziýa saparyny tamamlap, Ýaponiýadan Waşingtona dolandy. Ol bu dokuz günüň dowamynda Hindistana, Indoneziýa we Günorta Koreýa hem sapar etdi.

Obama sapar wagtynda halkara derejesinde geçirilen möhüm ykdysady sammitleriň ikisine gatnaşdy we köp ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Ýöne ol Seulda, 20-ler toparynyň sammiti wagtynda Günorta Koreýa bilen baglaşaryn öýden azat söwda şertnamasyny baglaşyp bilmedi. Muňa derek, sammite gatnaşan 20 ýurduň liderleri ykdysady krizisiň çuňlaşmagynyň öňüni almaga gaty az täsir ýetirjek gowuşgynsyzja bir şertnama gol çekdiler.

Şularalykda Obama Tokionyň golaýyndaky Ýokohamada geçen Aziýa Ýuwaş okean Ykdysady hyzmatdaşlyk ýygnagyna gatnaşdy we has giň söwda hyzmatdaşlygy barada şertnama baglaşmak teklibi bilen Aziýa – Ýuwaş okean ýurtlarynyň beýleki sekiz lideri bilen duşuşdy. Bu teklip edilýän şertnama Trans Ýuwaş okean hyzmatdaşlygy diýlip atlandyrylýar.

Hytaý ýok

Emma bu topar ýolbaşçylaryň arasynda Hytaýyň, dünýäniň ikinji uly ykdysadyýetiniň we iň uly eksportçysynyň lideri bolmady. Pekin söwda reformasy meselesini alternatiw forumlarda, diňe Aziýa ykdysadyýetleriniň gatnaşygynda, Amerikasyz maslahatlaşmagy ileri tutýar.

Synçylar Hytaýyň Trans Ýuwaş okean hyzmatdaşlygy gepleşiklerine goşulmak islemeýändigini, sebäbi Birleşen Ştatlaryň muny Pekine ýuanyň hümmeti, söwda deňargamsyzlygy we beýleki meseleler boýunça basyş etmekde ulanyp biljekdigini aýdýarlar.

Bir zaman düşnüksiz azat söwda plany bolan Trans Owaş okean hyzmatdaşlygyna indi Ak Tam Aziýa-Ýuwaş okean regional ykdysady integrasiýasy üçin iň netijeli geçiş ýoly hökmünde baha berýär. Obama bu inisiatiwany geljek ýyl, Hawaýide geçiriljek Aziýa Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk sammitinde hem öňe sürer öýdýülýär. Häzirlikçe Trans Owaş okean hyzmatdaşlygyna diňe dört ýurt – Bruneý, Çili, Singapur we Nýu Zelandiýa gol çekdi. Beýleki bäş ýurt – Birleşen Ştatlar, Awstraliýa, Malaýziýa, Peru we Wýetnam häzir bu topara goşulmak barada gepleşik alyp barýar.

Ýaponiýa-da islegsiz

Aziýa Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk sammitiniň geçen ýurdy bolan Ýaponiýanyň içinde Trans Ýuwaş okean hyzmatdaşlygyna goşulmak meselesine garşy çykylýar. Bu ideýanyň tankytçylary azat söwdanyň ýurduň ýokary derejede goralan we az netijeli oba hojalygyna agyr zyýan ýetirmeginden gorkýarlar.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Naota Kan bu ýygnaga Obama bilen synçy hökmünde gatnaşdy. Kan ýygnakda Ýaponiýanyň öz ykdysadyýetini açmagy ýüregine düwendigini, ýöne özlerine ozaly bilen bu proses barada maglumat toplamagyň gerekdigini aýtdy.

START

Şeýle-de Obama şu gün Strategiki ýaraglary çäklendirmek boýunça täze şertnama hakda gepleşmek üçin rus prezidenti Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy. Bu şertnama aprelde gol çekilen hem bolsa, ol heniz Birleşen Ştatlaryň Senaty tarapyndan tassyklananok.

Obama Ýaponiýada Medwedew bilen duşuşandan soň žurnalistlere şeýle diýdi: “Bu şertnama bize NATO-Orsýet geňeşini gaýtadan başlamaga hem konsultasiýa alyşmaga ýol açýar, netijede biz dartgynlylygy azaldyp, Ýewropa giňişliginde dürli howpsuzlyk meseleleri babatda hyzmatdaşlygy artdyryp bileris”.

Täze şertnamanyň tarapdarlary bu ylalaşykdaky iň möhüm element täze gözegçilik düzgüniniň döredilmegi diýýärler.
XS
SM
MD
LG