Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada žurnalistlere edilýän hüjümlere protest bildirildi


Düýn Orsýetiň paýtagty Moskwada 200 töweregi adam ýurtda žurnalistlere garşy edilýän hüjümlere protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Bu demonstrasiýa wagtynda protestçiler 2008-nji ýylda žurnalist Mihail Beketowa garşy edilen hüjümi we onuň beren netijelerini ýatlap, şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmaly däldigi barada çagyryşlar bilen çykyş etdiler.

Žurnalist Beketow özüne edilen şol hüjümden soň birnäçe aýlap bihuş ýagdaýda ýatypdy. Şol hüjümde alan şikestleri netijesinde-de onuň bir aýagy hem-de eliniň barmaklary kesilip aýrylypdy.

Ýakynda Orsýetiň «Kommersant» gazetiniň habarçysy Oleg Kaşina we graždan aktiwisti Konstantin Fetisowa garşy hem şular ýaly rehimsiz hüjümler edildi.
XS
SM
MD
LG