Sepleriň elýeterliligi

Mekke şäherinde mukaddes haj zyýaraty başlandy


Düýn 2 milliona golaý musulman dindarlary Saud Arabystanyň mukaddes Mekke şäherinde haj zyýaratyna başladylar.

Saud Arabystanyň häkimiýetleri bu ýyl daşary döwletlerden 1 million 700 müň töweregi adama haj zyýaratyna gelmäge rugsat berlendigini mälim etdiler. Ýene 200 müňden gowrak adam Saud Arabystanyň özünden we Pars aýlagy ýurtlaryndan bu zyýarata gatnaşýarlar.

Edil häzirki wagt haj zyýaratynyň planlaşdyrylyşy ýaly asuda dowam edýändigi habar berilýär.

Haj zyýaratynyň öňýany, geçen hepdäniň çarşenbe güni Saud Arabystanyň içeri işler ministri Şazada Naýef bin Abdul Azyz «Al-Kaýda» guramasy ýaly terrorçy toparlaryň zyýaratçylara garşy hüjüm etmekleriniň hem aradan aýrylmaýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG