Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz prezidenti ýurduň hökümetini täzeden düzýär


Düýn Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi ýurduň hökümetini dargydyp, ony täzeden düzmek barada karar kabul etdi.

Prezident Sarkozi täze düzüljek hökümet üçin ozalky hökümetden ençeme ministrleri saklap galdy. Wezipelerinde galdyrylan ministrleriň hatarynda premýer-ministr Fransois Fillon, maliýe ministri Kristin Lagarde we içeri işler ministri Braýs Hortefýu dagylar hem bar.

Ýöne täze hökümetiň düzümi ozalka garanyňda has sagçy resmilerden ybarat boljaga meňzeýär.

Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna Mişel Alliot-Mariýe bellenildi. Ýurduň ozalky sagçy premýer-ministri Alain Juppe täze hökümetde goranmak ministri hökmünde iş alyp barar.
XS
SM
MD
LG