Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň kongresmenleri Hamid Karzaý bilen ylalaşanoklar


Düýn Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý amerikan harbylarynyň ýerli owganystanlylaryň durmuşyna ýaramaz täsirlerini kemeltmedik ýagdaýynda Talyban hereketiniň mundan beýläk has-da güýçlenmeginiň mümkindigi bilen duýduryş berdi.

Hamid Karzaýyň «Waşington Post» gazetinde bu barada çap edilen kommentariýasyna Birleşen Ştatlaryň kongresmenleri çynlakaý bir ähmiýet bermeýändiklerini mälim etdiler.

Şeýle-de, käbir amerikan kongresmenleri Owganystandaky NATO güýçleriniň komanduýuşisi general Dewid Petreusyň ýaragly söweşijileri ele salmak we olary öldürmek boýunça alyp barýan operasiýalaryna-da Hamid Karzaýyň garşy çykýandygyny belläp, onuň bu pozisiýasy bilen-de özleriniň ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG