Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda üç sany ýaragly söweşiji öldürildi


Düýn Orsýetiň Içeri işler ministrligi ýurduň günortasyndaky Dagystan respublikasynda geçirilen ýörite operasiýada üç sany ýaragly söweşijiniň atylyp öldürilendigini habar berdi.

Dagystan respublikasynyň Içeri işler bölüminiň metbugat sekretary Wýaçeslaw Gasanow öldürilen söweşijilerden biriniň sentýabr aýynda amala aşyrylan bomba partlamasyny esasy gurnaýjylardan biri diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Janyndan geçen hüjümçiniň maşyna ýerleşdirilen bombany partlatmagy netijesinde şol hüjümde dört sany harby esger ölüpdi.
XS
SM
MD
LG