Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada indi mümkinçilik ýok


Orsýetiň öňki prezidenti we häzirki premýeri Wladimir Putin (sagda), türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ortada) we Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller, Kreml, 24-nji aprel 2007-nji ýyl.
Orsýetiň öňki prezidenti we häzirki premýeri Wladimir Putin (sagda), türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ortada) we Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller, Kreml, 24-nji aprel 2007-nji ýyl.

Geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz proýekti boýunça tehniki iş toparynyň sekizinji maslahaty öz işini tamamlady.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu maslahata TOPH proýektine gatnaşyjy ýurtlaryň hemmesinden wekiller gatnaşypdyr. Ýöne ýakynda özüniň bu proýekte gatnaşmak islegini açyk yglan eden ýene bir ýurt barada welin bu maslahatda kelam agyz gürrüň edilmändir. Ol ýurt bolsa, elbetde, Orsýet.

Orsýet tarapynyň bu baradaky islegini ýakynda prezident Dmitriý Medwedew Türkmenistana sapary wagtynda mälim etdi. Hakykatynda, bu teklip şol saparyň dowamynda Orsýet tarapynyň hyzmatdaşlyk barada öňe süren ýeke-täk teklibi bolupdy.

Şeýlelikde, bu sapar diňe bir pes netijeli sapar bolmak bilen hem çäklenmän, ol hatda zyýanly netijeleri-de berdi. Hususan-da, şol sapardan bary-ýogy birnäçe gün geçensoň, türkmen tarapy Kremliň adyna açyk protest notasy bilen çykyş edipdi. Aşgabat munuň sebäbini Orsýet tarapynyň Türkmenistanyň içerki işlerine goşulyşmak we türkmen hökümetine basyş görkezmek synanyşygy bilen düşündiripdi.

Ýüze çykan bu konflikt, daşyndan göräýmäge, soňra güýçlenip gitmedi. Emma, beýleki tarapdan, Orsýetiň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini geçen ýyldaky möçberinde doňduryp goýmagyndan Aşgabadyň göwni suw içen däl bolmaly.

Şol wakalaryň fonunda-da, Kreml Türkmenistany ünsden düşürmeýändigini subut etmäge çalyşýan görnüşde, özüniň TOPH gaz proýektine gatnaşmak islegini mälim ätdi. Ähli ýagdaýlardan görnüşi ýaly, türkmen tarapy Orsýetiň bu islegine bütinleý biparh garamak bilen jogap berdi.

TOPH toparynyň sekizinji maslahatynyň mazmunyna üns bersek, bu gaz proýektinde Moskwanyň orny artykmaç bolup çykýar. Proýekte gatnaşyjylar, aýratyn-da, Türkmenistan bu proýekti Orsýetsiz amala aşyrmak pozisiýasyny ýene bir gezek nygtap çykyş edene meňzeýär.

«Nabukko»

Orsýetiň pozisiýasyndaky käbir gowşamalar Hazar regionyndaky käbir beýleki meselelerde-de göze ilýär. Esasy problemalardan biri bolsa energiýa proýektlerinden ýene biri bolan «Nabukko» proýekti bilen baglanyşykly. Bu proýektiň maksady Orsýetden sowa Ýewropa gaz akymyny ýola goýmak. Moskwa her dürli ýollar bilen bu proýekte garşy çykyş edip gelýär.

Türkmenistan şu noýabryň ortalaryna Hazarýaka döwletleriniň liderleriniň Bakuda geçiriljek Sammitine görülýän taýýarlyklaryň barşynda birnäçe möhüm diplomatik gepleşikleri geçirdi. Hazar deňziniň durumy bilen bagly meseläniň oňyn tarapa çözülmegi üçin Azerbaýjana täsir edip bileri ýaly Aşgabada belli bir goldawlar zerur.

Bakuda geçjek Sammitiň öňýany, 9-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ýörite delegasiýa Tährana sapar etdi. Elbetde, bu sapardaky gepleşiklerde taraplaryň Hazaryň statusy baradaky meseläniň daşyndan aýlanyp geçmedikleri öz-özünden düşnükli zat. Geçen hepdäniň ahyrynda bolsa, Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül Türkmenistanda saparda boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Hazar meselesinde Azerbaýjanyň öz ýakyn strategik hyzmatdaşy bolan Türkiýäniň pikirlerine gulak gabartmagynyň mümkindigini göz öňünde tutýan bolmaly. Türkiýe bolsa öz gezeginde «Nabukko» gaz proýektini berk goldap çykyş edýär.

Bu soňky diplomatik gepleşikleriň töwereginde Orsýet göze ilmeýär. Bu gepleşiklere gatnaşýan ähli taraplar özara strategik meselelere Orsýeti gatnaşdyrmazdan çözgüt tapmaga çalyşýan ýaly görünýär.

Elbetde, TOPH we «Nabukko» proýektlerine gatnaşmaga ýol berilse, Orsýetiň bu proýektlere höwes bilen gatnaşjakdygyna hem-de soýuzdaş ýurtlaryň özara soýuzdaşlygyny dargytmak üçin onuň ähli mümkinçilikleri ulanjakdygyna bu ýurtlar düşünmän duran däldirler. Emma esasy zat eýýäm amala aşdy, ýagny, bu regionda ozalkylary ýaly öz agalygyny ýöreder ýaly Moskwada indi mümkinçilik ýok.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG