Sepleriň elýeterliligi

Dünýäde uly abraýa eýe bolan Halkara walýuta fondunyň Türkmenistan baradaky hasabatynda 2011-nji ýylda ýurtda jemi içerki önümiň ösüşiniň 11,5%-e barabar boljakdygy çak edilýär.

Dogrusy, bu görkezijä ençeme adamlar ynamsyz garaýarlar. Şeýle pikirleriň döremegine öňden gelýän sebäbem bar. Türkmenistan Saparmyrat Nyýazow döwründen bäri ýurduň ykdysady ösüşini 20-22% derejesinde görkezip gelýär. Ykdysadyýet boýunça synçylaryň elinde statistiki maglumat bolmansoň, olar onuň dogrulygyny tassyklap bilmeýärdiler. Türkmenistan Bütindünýä banky we Halkara walýuta fondy bilen 1998-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk etmänsoň, ol guramalarda bu ýurtdaky ykdysady ösüşi anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýän maglumatlar hem ýokdy. Resmi Türkmenistan uly möçberdäki ykdysady ösüşleri jar edip gelse-de, hatda ýurduň ilaty-da bu maglumatlara gaty şübheli garaýardy.

Uzak ýyllaryň dowamynda işsizligiň artmagy, ortaça aýlyklaryň derejesiniň pesde saklanmagy, hususy eýeçiligiň ösmezligi, bilim we saglygy saklaýyş pudaklarynyň derejesiniň pese gaçmagy, adam ömrüniň gysgalyp, ortaça 65 ýaşa gelmegi ýurtdaky ykdysady ösüş barada dil ýarmaga esas döretmeýärdi.

Hyzmatdaşlygyň başlanan wagty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipä gelmegi ýa-da Saparmyrat Nyýazowyň syýasy sahnadan gitmegi resmi Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga girişmegine getirdi. Şeýle hyzmatdaşlygyň esasylarynyň biri hem HWF bilen arada ýaýbaňlandy.

Üstümizdäki ýylyň 3-nji sentýabrynda HWF-niň Ýerine ýetiriji geňeşi bu guramanyň Türkmenistan bilen “Ylalaşyk” dokumentiniň 4-nji maddasy esasynda maslahat geçirdi. Salgylanylýan madda laýyklykda, HWF ýylda bir sapar öz agza döwletleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri gurnaýar. Onuň şertine görä, HWF-niň birnäçe işgärlerinden düzülen topar şol ýurda baryp, onuň ykdysady we maliýe ugurlary hakynda maglumatlary toplap, resmi döwlet işgärleri bilen olary maslahatlaşýar. Toparyň ýygnan maglumatlary esasynda HWF hasabat taýýarlaýar. Soňra hasabat guramanyň ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan maslahatlaşylýar we onuň netijesi şol ýurduň hökümetine iberilýär. HWF şu tertip boýunça geçirilen maslahat beriji barlag işleriniň netijesini 5-nji noýabrda №10/146(R) belgisi bilen jemgyýetçiligiň dykgatyna hödürledi.

HWF öz hasabatynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2011-nji ýylda 11,5% ösüş gazanjagyny tassyklasa-da, maliýe we ykdysady pudaklarda edilmeli işleriň gaty köpdügini belläp, olaryň her biriniň üstünde aýry-aýry durup geçýär.

HWF Türkmenistanda ykdysady ösüşiň gazanylmagynyň esasy sebäplerini bazaryň diwersifikasiýalaşmagynda, ýagny alternatiw ýollaryň açylmagynda görýär. Gurama Türkmenistanda 2009-2010-njy ýyllarda Hytaý we Eýran gazgeçirjisiniň işe girizilmegi netijesinde uglewodorod önüminiň çykarylyşynyň ýokarlanandygyny we býujete gelýän girdejiniň artandygyny belläp geçýär. Hasabatyň dowamynda HWF Türkmenistandaky bolan we bolup geçýän inflýasiýa barada hem maglumat berýär. Türkmenistanda inflýasiýa 2008-nji ýylda 8,9% bolan bolsa, 2009-njy ýylda ýurduň ykdysadyýetine döwletiň we daşary ýurt maýalarynyň goşulmagy we manadyň durnukly bahasynyň saklanyp, import bahalarynyň aşaklamagy bilen onuň derejesi 0.1%-e gelýär.

Milli girdejini nämä sarp etmeli?

HWF býujetiň çykdajylarynyň ösmeginiň inflýasion basyşyň döremegine getirjekdigini, şonuň üçin zerur bolmadyk proýektlere tygşytlylygyň girizilmelidigini, emma ol tygşytlylygyň bilim, saglygy saklaýyş we sosial-üpjünçilik pudaklaryna degmeli däldigini ündeýär. Mundan başga-da, HWF Türkmenistanda 2008-nji ýylda umumy içerki önümiň ösüşiniň položitel ugurda 19%-e deň bolandygyny, emma 2009-njy ýylda, onuň möçberiniň 16% otrisatel derejä gelendigini, oňa hem tebigy gazyň Orsýete eksportynyň saklanmagynyň, nebitiň bazar bahasynyň aşak gaçmagynyň hem-de ýurda import edilýän harydyň möçberiniň artmagynyň sebäp bolandygyny görkezýär.

HWF 2009-njy ýylda Türkmenistanda bilime we sosial-üpjünçilige goýberilýän pullaryň hem-de iri maýa goýumlarynyň artmagynyň UIÖ-niň (Umumy içerki önüm, GDP) çykdajylarynyň ýokarlanmagyna getirendigini belleýär. HWF türkmen hökümetiň döreden “Durnuklylyk” fondunyň işläp başlamagyny oňyn garşylaýar. Gurama Türkmenistanyň “Durnuklylyk” fondunda UIÖ-niň 15%-niň jemlenendigini we bu fondy dolandyrmakda öňdebaryjy halkara praktikasyndan ugur alynmalydygyny, şeýle hem serişdeleri býujete girmeýän proýektlere sowurman, ony tygşytly saklamalydygyny aýdýar.

Hasabatda halkara standartlaryna geçiler

HWF Türkmenistanyň hökümetiniň amala aşyran pozitiw işleriniň arasynda 2009-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, ýurtdaky maliýe hasabatlarynda halkara standartlarynyň tejribesiniň girizilendigini aýdyp, ol hasabatlaryň 2011-nji ýylyň aýagyna çenli ähli banklarda ulanyp başlanjakdygynyň, dörediljek “Býujet kodeksiniň” taýýarlanmagyna Ýewropa Bileleşiginiň ýardam bermeginiň guwandyrjy habarlardygyny belleýär. Maliýe guramasy Türkmenistanyň bank ulgamlarynyň maliýe dellalçylygyna tarap gönükdirilen reformasynyň ýerliklidigini belläp, resmileriň we hususy telekeçileriň daşary ýurt maýasy bilen bilelikde döretjek hususy bankyny döwrebap teklip hökmünde makullaýar. HWF bu başlangyja Ýewropada Dikeldiş we Ösüş bankynyň goşulmagyny kiçi we orta kärhanalary maliýeleşdirmäge giňişleýin mümkinçilik döretjekdigini aýdyp, türkmen resmilerini kiçi we orta kärhanalar üçin banklardan maliýe kömegini almak düzgünlerini ýeňilleşdirmäge çagyrýar.

HWF türkmen tarapyna ýangyç serişdelerini dolandyrmakda öz guramalarynyň tehniki kömegini almagy hem teklip etdi. Gurama türkmen hökümetini esasan gazylyp alynýan baýlyklar boýunça pudaklarda aýdyňlyk döretmäge we uglewodorod sektoryndan gelýän girdejileri aç-açan ulanmak inisiatiwasyna goşulmaga çagyrdy. Walýutanyň kursunyň fiksirlenen, ýagny berkidilen ýagdaýda durmagynynyň gysga möhlet üçin maksada laýykdygy, ýöne geljekde ony uzak möhletleýin şol durşuna saklaman, bahalaryň çeýeligini (flexible) ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine seredilmeginiň wajyp meseleleriň biridigi HWF-niň hasabatynda nygtalýar.

Ýapyk bazar kemçiligi ýapýar, ýöne ony düzedenok

HFW Türkmenistanda walýutanyň durnukly kursy boýunça berk ätiýaçlyk pozisiýasynyň bolmagynyň we bu ýurduň dünýä maliýe bazary bilen gatnaşyk derejesiniň pes bolmagynyň fiksirlenen bahalaryň saklanmagyna getirendigini aýdýar. Gurama bu ýurtda uzagyndan çeýe alyş-çalyş kursuna geçilmeginiň uly göwrümli walýuta bazarynyň ösmegine, bu ýagdaýyňam çig mallaryň bahalarynyň üýtgemeginiň getirjek negatiw täsirleriniň kemelmegine täsir edip biljekdigini, emma şeýle üýtgeşmeleriň ilkinji nobatda Merkezi Bankyň öz garaşsyzlygyny we syýasatyny utgaşdyrmakda hem-de giň walýuta bazaryny ösdürmekde ep-esli güýji talap etjekdigini belleýär. HWF belli bir maksada gönükdirilen karzlary bermek wezipesiniň salgyt-býujet edaralaryna berkidilmeginiň karz pul syýasatynyň durmuşa geçirilmegine kömek etjekdigini hem aýdyp geçýär.

HWF Türkmenistanyň 2012-nji ýyldan başlap, halkara statistiki standartlara doly geçmeginiň pozitiw çözgütdigini belläp, onuň netijesinde maglumatlaryň hiliniň ýokarlanjakdygyny, ykdysadyýetiň üýtgeýiş proseslerini analiz etmekde giň mümkinçilikleriň dörejekdigini, munuň hem makro-ykdysady dolandyryşyň gowulanmagyna getirjegini tassyklaýar. HWF-niň bilermenleri Türkmenistany karz pul we salgyt-býujet pudaklarynda statistika boýunça reformalary giňeldip, makro-ykdysady görkezijisi baradaky maglumatlary ýaýratmaklyga we Umumy maglumat ýaýradyjy sistema goşulmaga çagyrýar.

Netijler haçan belli bolar?

HWF-niň türkmen hökümetine beren teklipleriniň diýseň ýerliklidigini we maksada laýykdygyny görmek mümkin. Şu edilen bellikleri we berlen teklipleri türkmen hökümeti dogry we doly ýerine ýetirip bilse, onda ýurduň içinde hakyky ykdysady reformalaryň ýol aljakdygy ikuçsyzdyr. Ýurduň ykdysady ösüşiniň 2011-nji ýylda 11,5% boljakdygyny bolsa, geň hem görmeli däl, sebäbi ol ösüş halkyň hal ýagdaýynyň ýokarlanmagyna bagly bolman, tebigy baýlyklardan gelýän girdejileri göz öňünde tutýar.

Dünýäde tebigy resurslara baý döwletler kän. Ýöne olar diňe tebigy baýlyklary çykarmakda ösüş gazanman, eýse ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda-da ýokary işjeňligi görkezýärler. HWF-niň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy indi dünýäniň üns merkezinde bolar. Onuň netijeleri 2011-2012-nji ýyllarda belli bolar. Hakyky ykdysady ösüşleriň bolandygy ýa bolmandygy şonda aýdyňlaşar. Eger Türkmenistan şol döwre çenli öz boýnuna alan borçlaryndan ugur alyp, ýurtda ykdysady reformalary geçirmegi başarsa we ýokary derejedäki ösüşlere ýetse, onda bu ýagdaý, dogrudan-da, gutlanmaga mynasyp bolar.

Gurbangeldi Töraýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG