Sepleriň elýeterliligi

Päkistan TOPH proýektiniň howpsuzlygynyň üstünde işleýär


TOPH gaz geçiriji proýekti boýunça Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Päkistan öz territoriýasyndan geçjek turbanyň howpsuzlygy boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Resmi metbugat beýanatyna laýyklykda, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan tarapy hem özüniň gaz resurslary dogrusynda hasabat beripdir.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi baradaky gepleşiklere bu proýekte girýän ýurtlaryň we Aziýa Ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda proýekt bilen bagly ylalaşygyň şertlerine we beýleki tehniki meselelere seredildi.

Gepleşiklerde taraplar TOPH gaz geçiriji proýekti boýunça hökümetara ylalaşygyň soňky görnüşi boýunça özara ylalaşdylar.

Gepleşikleriň soňky tapgyry şu ýylyň dekabr aýynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG