Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňky gyrgyz prezidenti Bakyýewiň sud işi gaýra goýuldy


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň aprel aýynda bolan çaknyşyklar bilen bagly gaýybana sud işi gaýra goýuldy.

17-nji noýabrda boljak sud diňlenişigi Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň oňa garşy geçirilýän ilkinji sud işi bolar.

Berilýän maglumatlara görä, 7-nji apreldäki demonstrasiýalarda protestçilere garşy ot açmakda we ot açmak buýrugyny bermekde günälenip, jemi 28 adam sud jogapkärçiligine çekilipdir.

7-nji apreldäki wakalar sebäpli 87 çemesi adamyň ölendigi we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Jogapkärçilige çekilenleriň arasynda ýurduň öňki howpsuzlyk güýçleriniň ýolbaşçylary hem bar.
XS
SM
MD
LG