Sepleriň elýeterliligi

Talyban owgan hökümeti bilen gepleşik geçirmeýändigini aýdýar


Duşenbe güni Talyban toparynyň ýolbaşçysy Molla Muhammet Omar talyplaryň owgan hökümeti bilen hiç hili gepleşikler geçirmeýändigini öňe sürdi.

Molla Muhammet Omaryň “Eid al-Adha” žurnalyna aýtmagyna görä, talyplar bilen owgan hökümetiniň arasyndaky alnyp barylýan gepleşikler baradaky habarlar “düýpsiz propoganda”.

Molla Muhammet Omar aýtmagyna görä, "duşmanlaryň beýle toslamalary ýaýratmagynyň sebäbi - halkara güýçleriniň talyplardan ýeňilmegi".

Muhammet Omaryň bu beýanaty Günbataryň habar beriş serişdelerine hem ýollanypdyr.
XS
SM
MD
LG