Sepleriň elýeterliligi

Merkel bäşinji gezek Hristian-demokratik partiýasynyň başlygy


Duşenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bäşinji gezek iki ýyllyk möhlet bilen konserwator Hristian-demokratik partiýasynyň başlyklygyna saýlandy. Merkel sesleriň 90,4%-ni aldy.

2009-njy ýyldaky saýlawlarda Hristian-demokratik partiýasy sesleriň 33,8 % almagy başarypdy. Ýöne soňky pikir soralyşyga görä, bu görkeziji 31%-e düşüpdir.

Angela Merkel 2005-nji ýyldan bäri Germaniýanyň kansleri we 2000-nji ýyldan bäri Hristian-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy.
XS
SM
MD
LG