Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Şanhaýdaky bina ýangynynda azyndan 42 adam öldi


Hytaýyň Şanhaý şäherinde 30 gatly binada dörän ýangyn netijesinde azyndan 42 adamyň ölendigi we 100 çemesi adamyň şikes alandygy habar berilýär.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, ýangyn binanyň daşynda dikilen gurluşyk direglerinde ýüze çykypdyr, soňra ýangyn tiz wagtyn içinde binanyň içine ýaýrapdyr.

Binada gabalan adamlary halas etmek üçin 3 sany dikuçar we 60-dan gowrak ýangyn söndüriji maşyn iberilipdir.

Berilýän maglumatlara görä, ýangyn şäher ilatynyň gür ýerleriniň birinde ýüze çykypdyr.
XS
SM
MD
LG