Sepleriň elýeterliligi

“Amnesty International” Ýewropanyň hökümetlerine çagyryş etdi


“Amnesty International” guramasy Birleşen Ştatlarda 2001-nji ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen hüjümlerinden soň Merkezi aňtaw edarasynyň amala aşyran gizlin tussag edişlik programmalarynyň pidalaryna adalatly çemeleşmäge Ýewropanyň hökümetlerini çagyrdy.

Bu çagyryyş Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasynyň 20-nji noýabrda Portugaliýada geçiriljek ABŞ-ÝB sammitinden öň, duşenbe güni ýaýradan hasabatynda edilýär.

“Amnesty International” guramasynyň wekili Julia Hallyň aýtmagyna görä, bu hasabat esasan ýewropa döwletlerini öz içine alýan hem bolsa, munuň täsiri Birleşen Ştatlarda hem duýular.

“Has köp maglumlatlar ýüze çykdygyça, jogapkärçilikden gaçmak Birleşen Ştatlaryň hökümetine kyn bolar. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropada bolup geçýän bu wakalaryň Atlantigiň aňyrsynda ýerleşýän Birleşen Ştatlara hem belli bir derejede öz täsirini ýetirjekdigine umyt edýäris” diýip, Julia Hall aýtdy.

53 sahypadan ybarat bu hasabatda ABŞ-nyň Merkezi aňtaw edarasynyň terrorizme garşy göreş operasiýalarynyň çäklerinde adam ogurlamalaryna, gizlin uçuşlaryna, bikanun tussag edişliklerine we gynamalaryna ýewropa döwletleriniň hem dahylynyň bardygy baradaky soňky deliller getirilýär.
XS
SM
MD
LG