Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň raýaty terror toparyna ýardam beripdir


Düýn Birleşen Ştatlaryň Kaliforniýa ştatynyň ýaşaýjysy Nima Ali Ýusuf Somaliýadaky bir terror guramasyna maliýe taýdan goldaw berenlikde aýyplanylyp, tussag edildi.

Birleşen Ştatlaryň prokuraturasy amerikan raýaty Nima Ali Ýusufyň «Al-Kaýda» terror guramasy bilen baglanyşykly hasaplanylýan «Al-Şabab» terror toparyna maliýe taýdan ýardam berip gelendigini aýdýar.

Nima Ali Ýusuf soňky bir aýyň dowamynda San-Diego şäherinde şeýle aýyplama bilen tussag edilen dördünji raýatdyr.
XS
SM
MD
LG