Sepleriň elýeterliligi

Nýu Delide ýaşaýyş jaýy öz-özünden ýumruldy


Düýn giçlik Hindistanyň paýtagty Nýu Delidäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan biriniň öz-özünden ýumrulmagy netijesinde azyndan 30-dan gowrak adam ölüp, 60 töweregi adam hem ýaralandy.

Ýöne ýerli polisiýa resmileri köp ýaşaýjylaryň henizem ýumrulan jaýyň harabalyklarynyň astynda galandygyny aýdýarlar. Şoňa görä-de, bu wakada ölenleriň sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar.

Hindistanda, adatça, jaýlaryň şular ýaly öz-özünden ýumrulmagy gurluşyk standartlarynyň talabalaýyk berjaý edilmeýändigi bilen düşündirilýär.
XS
SM
MD
LG