Sepleriň elýeterliligi

Awstriýanyň deputaty Çeçenistanyň prezidentini tankytlaýar


Düýn Awstriýanyň parlament deputaty Peter Pilz Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň Awstriýadaky öz tankytçylarynyň sesini sem etdirmek üçin bu ýurduň territoriýasynda çeçen agentleriniň bir toparyny saklaýandygyny aýdyp, çykyş etdi.

Awstriýanyň parlamentinde howpsuzlyk meseleleri boýunça iş alyp barýan Peter Pilz Wenada gurnalan düýnki metbugat konferensiýasynda bu ýurduň territoriýasynda hereket edýän we Ramzan Kadyrow tarapyndan hak tölenýän 30 töweregi terroristiň bardygyny bilýändigini aýtdy.

Şu gün Wenada 2009-njy ýylyň ýanwarynda şu şäherde atylyp öldürilen çeçenistanly dissident Umar Israilowyň janyna kast edilip öldürilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça sud diňlenişigi başlanýar.

Umar Israilow Awstriýadan syýasy gaçybatalga almazyndan öň Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň şahsy gorag gullugynda işläpdi.
XS
SM
MD
LG