Sepleriň elýeterliligi

Halkara guramalary Azerbaýjanyň Ýokary suduny tankytladylar


Düýn ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryndan ikisi tussaglykda saklanýan azerbaýjanly žurnalist Eýnulla Fatullaýewiň işi bilen baglanyşykly Ýewropa sudunyň çykaran höküminiň berjaý edilmeýändigini tankytlap, beýanat ýaýratdylar.

Hususan-da, halkara Human Rights Watch we Amnesty International guramalary öz ýaýradan beýanatlarynda žurnalist Eýnulla Fatullaýewiň tussaglykdan boşadylmalydygy barada Ýewropa sudunyň çykaran kararyny Azerbaýjanyň Ýokary sudunyň ýerine ýetirmeýändigini belläp, bu ýagdaýy tankytlapdyrlar.

Ýakynda, 11-nji noýabrda Azerbaýjanyň Ýokary sudy žurnalist Eýnulla Fatullaýewe garşy terrorçylyk we milletçilik bilen bagly bildirilen ozalky jenaýat aýyplamalaryny ýatyrsa-da, neşe gaçakçylygy bilen bagly bildirilen aýyplamany welin ýatyrmady.

Şeýlelikde, 2007-nji ýylda 8.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen žurnalist Eýnulla Fatullaýew henizem türmede bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG