Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň resmisi içalyçylykda aýyplanýan bilen duşuşar


Düýn Gürjüstanyň hökümeti Orsýetiň Gürjüstandaky Konsullygynyň wekiline ýakynda bu ýurtda içalyçylykda aýyplanylyp tussag edilen Orsýetiň raýatlaryndan biri bilen duşuşmaga mümkinçilik berendigini mälim etdi.

Mundan daşary, Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi ýakynda Orsýetiň haýryna içalyçylykly iş alyp baranlykda aýyplanylyp tussag edilen 13 adamyň hemmesi barada Orsýetiň häkimiýetlerine jikme-jik maglumatlaryň berlendigini hem aýdýar.

Şu aýyň başynda tussag edilen bu 13 adamdan 4-si Orsýetiň raýatlary, galan 9-sy bolsa Gürjüstanyň öz raýatlary.
XS
SM
MD
LG