Sepleriň elýeterliligi

Karzaýyň çykyşy ýiti reaksiýalary döretdi


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý

Şu geçen ýekşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý amerikan güýçlerini bu ýurtdaky harby operasiýalaryny azaltmaklyga çagyrmak bilen, Günbatar ýurtlarda käbir ýiti reaksiýalary döretdi.

Prezident Hamid Karzaý öz çykyşynda amerikan güýçleriniň ýerli owganystanlylaryň ýaşaýyş jaýlaryna geçirýän gijeki reýdleriniň bu ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny has-da ýaramazlaşdyrýandygyny we bu ýagdaýyň Talyban hereketiniň güýçlenmegine itergi bermeginiň mümkindigini öňe sürdi.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen
Duşenbe güni NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Brýusselde eden çykyşynda Günbatar ýurtlaryň Owganystanda alyp barýan harby operasiýalarynyň öwezini tutjak hiç bir hili başga alternatiwanyň ýokdugyny nygtady.

“Men özümiziň Owganystandaky harby operasiýalarymyzy dowam etdirmegimizi örän möhüm diýip hasaplaýaryn. Sebäbi, talybanlara we Talyban ýolbaşçylaryna görkezilýän harby basyşlar olary barlyşyk gepleşiklerine tarap ýykgyn etmeklige iterdi. Şu nukdaýnazardan, harby operasiýalary dowam etdirmekden başga alternatiwa ýok” diýip, Anders Fog Rasmussen aýtdy.

“Haýran galdyrdy”

«The Washington Post» gazeti bolsa düýn Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň baş komanduýuşisi Dewid Petreusyň prezident Karzaýyň çykyşyna haýran galandygyny hem-de muňa lapynyň keç bolandygyny ýazdy. Şeýle hem, gazetiň ýazmagyna görä, Dewid Petreus owgan prezidentiniň beýle hereket etmek bilen özüniň ygtybarsyzdygyny görkezmeklige tarap töwekgelçilik edýändigini belläpdir.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen hem düýn Brýusselde eden çykyşynda owgan prezidentiniň bu babatdaky ähli garaýyşlary bilen ylalaşyp bilmejekdigini belledi. Emma, beýleki tarapdap, ol uzak möhletleýin planda NATO-nyň barybir Owganystandaky öz güýçlerini azaltmaklygy hem-de ýurduň öz harby güýçlerine has uly jogapkärçilikleri tabşyrmaklygy göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Jenap Rasmussen bu prosesiň eýýäm geljek ýylyň başyndan başlajakdygyny hem ýatlady. Onuň aýtmagyna görä, Owganystanyň howpsuzlygy baradaky jogapkärçilikleri ýurduň öz harby güýçlerine we polisiýasyna tabşyrmak prosesi 2014-nji ýyla çenli dowam eder.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Britaniýa hem öz goşunlaryny hut şol ýyla çenli bu ýurtdan çykarmaklygy planlaşdyrýarlar.

Sammit geçiriler

Şu geljek dynç alyş günleri Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda NATO-nyň geçirjek sammitinde bu mesele barada formal ýagdaýda karar kabul edilmegi hem mümkin diýlip garaşylýar. NATO-nyň bu sammitine Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.

Mundan daşary, NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen Lissabondaky sammitde Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň hem Moskwanyň NATO bilen täze hyzmatdaşlyk planlary barada anyk teklipler bilen çykyş etmegine umyt bildirýändigini aýtdy. Hususan-da, Orsýet NATO bilen raketa gorag sistemasynda hyzmatdaşlyk etmäge öz razylygyny berer diýlip garaşylýar.

Ýöne NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen haýsy ýurtlaryň NATO üçin howa hüjümini amala aşyryp biläýjek howply ýurtlar diýlip hasaplanylýandygy barada gürrüň etmekden welin saklandy. Mundan öň ol käbir beýleki ýurtlaryň hatarynda Eýranyň aýratyn howply ýurtdygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG