Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran-Orsýet: söýgüsiz söwda


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad 3-nji noýabrda Büjnürtde geçen bir üýşmeleňde: “Şeýtanyň alyna giden käbir adamlar biziň bilen baglaşylan goranyş şertnamalaryny bikanun suratda bir taraplaýyn ýatyrsalar, eýran milletine şikes ýetireris öýdýärler. Men olara siziň adyňyzdan biz bu ylalaşyga şindi-de kanuny diýip garaýarys diýmek isleýärin. Olar ony ýerine ýetirmeli. Bu işi etmesler, eýran halky olardan öz hakyny, çeken zyýanlaryny, eden çykdajylaryny sorar” diýdi.

Ahmedinejadyň “ylalaşyk” diýýäni Orsýet bilen baglaşylan bir şertnama. Bu şertnama boýunça Moskwa Tährana uzak aralyga uçýan S-300 raketalaryny satmalydy. Howa hüjüminden goranmak üçin gerek bolan bu raketalaryň bahasy 800 million dollar çemesi.

Gadagan edildi

Orsýet tarapyndan “tehniki sebäplere görä” diýip, ençeme gezek yza süýşürilen bu söwda iň soňunda prezident Dmitriý Medwedew tarapyndan ýatyryldy. Ol sentýabr aýynda çykaran bir permany bilen Eýrany raketa we beýleki ýaraglar bilen üpjün etmegi resmi taýdan gadagan etdi.

Waşingtonyň George Meýson uniwersitetiniň professory Mark Katz Orsýetiň daşary syýasaty boýunça ekspert. Onuň pikiriçe Ahmedinejadyň bu gaharly gürrüňleri köp eýranlylardaky Orsýete garşy öňden bar duýgulary görkezýär. Bular ýaly duýgular Eýran barada orslarda-da bar.

“Eýranlylaryň nukdaýnazaryndan garanyňda, olar Orsýete köne duşman diýip düşünýärler. Eýran metbugaty şindi-de Orsýetiň Günorta Kawkazy basyp alandygyny gozgap, Azerbaýjany Orsýetden aýry tutýar. Olar Orsýetiň 20-nji asyrda konstitusion rewolýusiýany basyp ýatyrmak işine goşulandygyny aýdýarlar. Orsýet bilen Britaniýanyň Ikinji jahan urşunda Eýrany eýeländigini ýazýarlar. Eýran-yrak urşunda Sowet Soýuzynyň Saddam Huseýni goldandygyny aýdýarlar. Aslynda eýranlylary gorkuzýan Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň dil birikdirip, özlerine garşy çykmagy” diýip, Katz aýdýar.

Nämäniň netijesi?

S-300 şertnamasynyň ýatyrylmagy bu gorkyny hakykata öwrüp gelýär. Katzyň pikiriçe, bu Obamanyň Orsýet bilen gatnaşygy täzelemeginiň netijesi. Ol şeýle diýýär: “Geçmişde Orsýete häsiýetli hereket şeýledi: ‘Biz size bir zat satmakçy. Puluny hem tölediňiz. Bu gowy zat welin, ýöne tehniki problemalar bar’. Şeýdip ony uzaga çekdirýärdiler. Ýöne indi olar: ‘ýok, biz bu ýaraglary size berjek däl’ diýýäler. Olar näme üçin muny edýärler, sebäbi Obamanyň administrasiýasy olara gysyş görkezýär”.

Huşeň Amirahmady Birleşen Ştatlarda ýerleşýän ABŞ-Eýran geňeşiniň başlygy. Ol şeýle hem Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dostlukly gatnaşygyň dikeldilmeginiň tarapyny çalýan adam. Amirahmadynyň pikiriçe, Ahmadinejadyň aýdýanlary ýönekeý eýranlylaryň pikirlerine gabat gelýär. Eýran halky Orsýeti Birleşen Ştatlardanam beter tebigy duşman hasaplaýar.

“Eýran halkynyň 90 prosenti uzak oýlanyp durmazdan, amerikanlar biziň dostumyz, orslar biziň duşmanymyz diýer. Tähranyň köçelerinde ýörgünli pikir şeýle. Hökümetler tapawutly. Meniň garaýşymça, hökümetiň öz içinde hem köpçülik Amerika bilen gatnaşyklaryň düzedilmegini isleýär. Eýranlylar Orsýet bilenem duşmançylygy islänoklar, ýöne olaryň ileri tutýany her halda Birleşen Ştatlar” diýip, Amirahmady aýdýar.
XS
SM
MD
LG