Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazar dawasynyň “syýasy sebäpleri bar”


Penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda ýangyja baý Hazaryň kenarynda ýerleşýän döwletleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sammit açylar. Bu barada Azatlyk Radiosy Azerbaýjanda ýerleşýän Nebit barlaglary merkeziniň direktory Ilham Şaban bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Ilham Şaban, Hazar deňziniň hukuk durumy barada penşenbe güni Bakuwda açyljak sammitden nähili netijelere garaşmak mümkin?

Ilham Şaban: Bakuwda açyljak bu sammitde Hazar deňzi barada bir jarnama gol goýulmagy mümkin. Onuň mazmuny Hazarda howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek bolar. Howpsuzlyk meselesi diýlende, bu hazarýaka döwletleriň özara hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar. Mundan başga hiç bir täzelige garaşylmaýar.

Azatlyk Radiosy: Sowet Soýuzy dargaly bäri Hazar deňziniň hukuk durumyny kesgitlemek boýunça gepleşikler geçirilýär. Ýöne henize çenli haýsy-da bolsa bir üstünlik gazanylmady. Siziň pikiriňizçe, munuň esasan nähili sebäpleri bolmagy mümkin?

Ilham Şaban
Ilham Şaban:
Hazar deňziniň hukuk durumynyň henize çenli kesgitlenmändiginiň esasy sebäbi syýasat. Hut syýasy meseleler Hazaryň hukuk statusyny kesgitlemekde kynçylyklary döredýär. Mysal üçin, geçen hepde Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki Hazar deňziniň 20%-den köpräginiň öz ýurdunyň paýydygyny öňe sürdi. Eýran şeýle diýmek bilen Hazaryň hukuk statusy dogrusynda hiç bir alada etmeýändigini görkezdi. Eýran muny aýtmak bilen özüniň ýadro, howpsuzlyk meselelerinde söwda edýär. Ýagny, beýleki hazarýaka döwletlere, “siz bu meselelerde sorag döretmeseňiz, men Hazar boýunça käbir meselelere göz ýumaryn” diýmek isleýär.

Ýene-de bir bellemeli zat, Eýranyň Hazar sektorynda nebiti we gazy ýok. Indoneziýanyň kompaniýasy ol ýerlerde geçiren barlag işleriniň netijesinde Eýranyň ýataklarynda nebit gaz zapaslarynyň ýokdugyny anyklady. Eger Eýranyň özi şol ýerlerde nebit ýa-da gaz tapsa-da, onuň hiç hili peýdasy bolmaz. Sebäbi Eýranyň dünýä bazaryna çykalgasy ýok.

Azatlyk Radiosy: Eýse, siz Hazar meselesinde Kremliň roluna nähili baha berýärsiňiz?

Ilham Şaban: Kreml Hazaryň hukuk durumy boýunça kän bir alada etmeýär. Çünki Hazar deňzi arkaly Gazagystan, Türkmenistan, Azerbaýjan arkaly Türkiýä çenli turba geçirijini çekmek we Hazaryň nebitini Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar. Men ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn, Hazaryň hukuk durumynyň kesgitlenmändiginiň esasan syýasy sebäpleri bar. Eger Hazaryň ýakasyndaky iki iri döwlet: Eýran we Orsýet käbir meselelerde özara ylalaşmasalar, onda Hazaryň hukuk durumy kesgitlenilmez.

Dogrusyny aýtsam, bu meseläniň çözülmän galmagynyň Hazar ýakasyndaky Türkmenistana, Gazagystana we Azerbaýjana hiç bir zyýany ýok. Çünki Hazaryň durumy çözülmese-de, Azerbaýjan Türkmenistanyň nebitini we gazyny tankerler arkaly daşar. Şeýle diýmek bilen Hazaryň hukuk durumy kesgitlenmese-de, Türkmenistan we Gazagystan öz nebitini, gazyny tankerler bilen Azerbaýjan arkaly dünýä bazaryna ýetirip bilerler. Bu barada gepleşikler geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Şaban, siziň bilşiňiz ýaly, Hazardaky ýataklar boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara oňşuksyzlyk bar. Siziň pikiriňizçe, bu ugurda haýsy-da bolsa bir pozitiw ösüş barmy?

Ilham Şaban: 2009-njy ýylyň iýun aýynda prezident Berdimuhamedow Azerbaýjany Halkara ykdysady suda bermegi tabşyrdy. Şondan bäri öten bir ýarym ýylyň dowamynda Hazar meselesi boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hiç bir gepleşik geçirilmedi. Iki ýurduň arasynda hökümetara we döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda Hazar meselesi boýunça hiç bir ylalaşyk gazanylmady.

Azatlyk Radiosy: Eýse, Hazaryň hukuk durumyny kesgitlemek üçin hazarýaka döwletler näme etmeli?

Ilham Şaban: Bu ugurda nähili işleriň edilmelidigi köp wagtdan bäri belli. Orsýet, Gazagystan we Azerbaýjan hökümet hem parlament derejesinde gepleşikleri geçirip, Hazaryň özlerine degişli territorýalaryny bölüşmek barada ylalaşdylar. Indi bu ylalaşyga Türkmenistan hem goşulyp, Hazaryň territoriýasy boýunça ylalaşmaly. Mundan soňra belli bir derejede Eýrana täsir edip, onuňam bu gepleşiklere goşulmagyny gazanmaly. Şundan başga çykalga ýok.
XS
SM
MD
LG