Sepleriň elýeterliligi

“Ölüm tütjary” ekstradisiýa edildi


Waşington bilen Moskwanyň arasynda iki ýyllap dowam eden diplomatik dawadan soň, sişenbe güni Tailandyň häkimiýetleri rus ýarag söwdagäri diýilýän adamy Birleşen Ştatlaryň eline tabşyrdylar. Orsýet bu hereketi gahar bilen “bikanun” diýip atlandyrdy.


Iň bir howply ýarag söwdagärleriniň biri hökmünde tanalýan Wiktor But iki ýyllap Tailandda tussaglykda saklanyldy. Polisiýanyň we aeroportuň jogapkärleriniň aýtmagyna görä, Tailandyň resmileri Wiktor Buty Birleşen Ştatlara tabşyrmak barada suduň çykaran karary bilen ylalaşanlaryndan soň, ol ýörite amerikan uçary bilen Bankogyň aeroportundan ABŞ-a ugradyldy.

Mundan öň Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda bu mesele boýunça ençeme aýlap kanuny göreş dowam edipdi we iki ýurduň arasynda bu meselede diplomatik dartgynlylyk emele gelipdi.

Orsýet Butuň ABŞ-a tabşyrylmagyna gaharly reaksiýa bildirdi. Orsýetiň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýaýradylan gysgaça beýanatda “Tailandyň häkimiýetleriniň daşarky syýasy basyşlara döz gelip bilmän, bikanun ekstradisiýany amala aşyrmaklary örän gynandyryjy” diýlip nygtalýar.

Orsýet “haýran galýar”

Mundan öň Orsýetiň ilçihanasy Tailandyň hökümetiniň gelen kararyna haýran galandygyny bildirdi. “Interfaks” habar agentligi ors resmisi Andreý Dwornikowyň: “Bu zatlaryň hemmesi göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi, bu iş gyssagly we hatda, görnüşe görä, gizlin edildi” diýendigini köpçülige ýetirdi.

Indi ABŞ-da Wiktor Buta terrorizme dahylly jenaýat jogapkärçiligi bilen baglanyşykly sud ediler.

“Ölüm tütjary” diýip at alan 43 ýaşly öňki sowet harby-howa güýçleriniň ofiseri Wiktor Butuň Günorta Amerika, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryny ýarag bilen üpjün edip, graždanlyk uruşlarynyň peltesine ýag damdyrandygy aýdylýar.

Butuň aýaly Anna Orsýetiň telewideniýesinde çykyş edip, Tailandyň çykaran kararynyň “hiç-hili kanuny esasynyň” ýokdugyny aýtdy: “Bu ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan öňe sürlen durşy bilen syýasata ýugrulan karar”.

Butuň adwokaty Lak Nittiwattanawiçan çarşenbe güni hökümete şikaýat bilen ýüz tutjakdygyny aýtdy. ABŞ-nyň Bankogdaky ilçihanasy ekstradisiýa wakasyny tassyklady, emma wakanyň jikme-jigine girmekden saklandy.

Şu ýylyň awgust aýynda Tailandyň Ýokary sudy Aşaky suduň karayny ret edip, Butuň üç aýyň dowamynda ekstradisiýa edilmelidigi barada buýruk çykarypdy. Emma ABŞ-nyň prokurorlary Buta garşy pul ýuwmakda we galplykda goşmaça aýyplama bildirenlerinden soň, ekstradisiýa soňa goýlupdy. Emma Tailandyň sudy şol aýyplamalary oktýabr aýynda ret edensoň, Butuň ekstradisiýa edilmegine ýol açyldy.

Iki ýyla çeken çekeleşik

But 2008-nji ýylyň mart aýynda Bankogdaky kaşaň myhmanhanada tussag edilipdi. Onuň tussag ediliş operasiýasyna ABŞ-nyň agentleri gatnaşypdy we olar göýä Kolumbiýanyň rewolýusion ýaragly güýçleri (FARC) üçin ýarag satyn alýan adamlar hökmünde ýasama hereket edipdiler. Waşington FARC toparyny terrorçy gurama diýip hasaplaýar.

But ABŞ-da terrorizme dahyllylykda aýyplanyp, jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Aýyplamalaryň arasynda FARC toparyna millionlarça dollarlyk ýarag satmak boýunça dildüwşük hem bar. Şol ýaraglaryň sanawyna howa hüjümi üçin niýetlenen raketalar, tüpeňler, dikuçarlar, şeýle-de granatdyr raketalar bilen üpjün edilen uçarlar girýär.

Eger günäsi subut edilse, onda Buta ömürlik türme tussaglygy garaşýar.

Howa transport läheňiniň başlygy But özüniň maliýe işlerine we gatnawlaryna garşy ABŞ we BMG tarapyndan girizilen sanksiýalardan uzak wagtdan bäri mekirlik bilen sypyp gelýärdi. Onuň müşderileriniň arasynda Liberiýanyň öňki lideri Çarles Teýloryň, Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň we Angoladaky graždanlyk urşuna gatnaşan garşydaş taraplaryň ikisiniň hem bardygy aýdylýar.

Wiktor But özüniň bikanun işlere baş goşandygyny ret edýär we kanuna laýyklykda biznes ýöredendigini öňe sürýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG