Sepleriň elýeterliligi

Gaitide BMG-niň işgärleri bilen bolan çaknyşyklarda iki adam öldi


Gaitide mergi epidemiýasyna garşy geçirilen protestlerde Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçlyk güýçleri bilen bolan çaknyşyklar netijesinde iki adamyň ölendigi habar berildi.

Gaitide käbir adamlar merginiň ýaýramagyna BMG-niň parahatçylyk korpusynyň dahylynyň bardygyny öňe sürýärler.

Duşenbe güni ýurduň paýtagty Port-au-Prinsde we Kap-Haitien şäherinde BMG-niň wekilleri bilen çaknyşyklar ýüze çykdy. BMG-niň wekilleri demonstranlara garşy göz ýaşardyjy gaz ulandylar.

Gaitide ýaýran mergi epidemiýasy sebäpli häzire çenli 1,000 çemesi adamyň ölendigi habar berilýär.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, bu epidemiýanyň näme sebäpli ýüze çykandygyny anyk kesgitlemek juda kyn.
XS
SM
MD
LG