Sepleriň elýeterliligi

Eýran ýadro programmasy boýunça gepleşik geçirmäge ylalaşdy


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, Tähran ýadro programasy baradaky gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek boýunça ylalaşypdyr.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça baş wekili Ketrin Aşton gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny 5-nji dekabrda Wenada ýa-da Ženewada geçirmegi teklip etdi.

Eýran Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň gatnaşmagynda geçiriljek bu gepleşikleri Türkiýede geçirmegi teklip edýär.
XS
SM
MD
LG