Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada salgyt reformasyna garşy protest geçirildi


Sişenbe güni Ukrainada müňlerçe adam ýurduň salgyt reformasyna garşy protest geçirdi.

Protestçileriň aýtmagyna görä, ýurduň täze salgyt reformasy diňe iri telekeçiligiň bähbitlerini göz öňünde tutýar.

Sişenbe güni kiçi we orta biznesiň wekilleri bu täze reformany tankyt edip, Kiýewde parlamentiniň öňünde proteste ýygnandylar.

Täze salgyt reformasyna laýyklykda, hökümet kiçi firmalaryň käbirine goýulýan salgydy artdyrar.

Protestçileriň bellemegine görä, bu reforma kiçi we orta telekeçiligiň çökmegine getirer.
XS
SM
MD
LG