Sepleriň elýeterliligi

Eýranda Germaniýanyň iki raýaty içalyçylykda aýyplanýar


Eýranyň mediasynyň maglumatlaryna görä, ýakynda tussag edilen Germaniýanyň iki raýaty içalyçylykda aýyplanýar.

Berilýän maglumatlara görä, olar ýakynda ölüm jezasyna höküm edilen zenanyň ogly bilen interwýu geçirmekçi bolupdyrlar. Olar Sakineh Mohammadi Aştianiniň ogly bilen 10-njy oktýabrda interwýu geçirýän wagtlary tussag edilipdiler.

Sakineh Mohammadi Aştiani zyna etmekde aýyplanyp, daşlamak arkaly ölüm jezasyna höküm edilipdi.

Eýranyň resmileriniň bellemegine görä, bu iki german raýaty Eýrana turist hökmünde barypdyrlar we olaryň žurnalistiki işlerini alyp barmaga hukuklary ýok.

Eýranyň metbugatynyň ýazmagyna görä, tussag edilenleriň biri Germaniýada bosgunlykda ýaşaýan eýranly dissident Mina Ahadiniň aldawyna düşendigini we yzyna dolanyp barsa, ony suda berjekdigini aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG