Sepleriň elýeterliligi

Ýewronyň hümmeti “ÝB-niň ösüşine täsir eder”


Sişenbe güni ÝB-niň prezidenti Herman Wan Rompuý Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň maliýe ministrleriniň duşuşygynyň öňüsyrasynda çykyş edip, eger-de ýewronyň hümmeti peselse, ÝB-niň ösüşiniň hem peseljekdigini duýdurdy.

Sişenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleri duşuşyp, Irlandiýadaky bergi krizisini togtatmak we onuň beýleki ýewropa ýurtlaryna ýaýramagynyň öňüni almak boýunça gepleşik geçirdiler.

Irlandiýanyň häkimiýetleri Ýewropa Bileleşiginiň pul kömeginden ýüz öwrüp, ykdysady krizis sebäpli çöken banklaryna goldaw gerekdigini nygtaýarlar.

Ekspertler Irlandiýanyň ykdysady kynçylyklaryny ýeňip geçmäge özüniň mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar. Mundan başga-da, bu krizisiň Ýewropanyň beýleki döwletlerinde hem döremeginden howatyr edilýär.
XS
SM
MD
LG