Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä edebiýatyna tarap bir ädim


Aşgbatda geçirilen kitap sergisinden pursat, 24-nji sentýabr 2010.
Aşgbatda geçirilen kitap sergisinden pursat, 24-nji sentýabr 2010.

12-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Serdar» myhmanhanasynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Dünýä edebiýaty» žurnalyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Prezidentiň kararyna laýyklykda täze žurnalyň ştat birligi, formaty hem-de döwürleýinligi tassyklandy. Žurnal 2011-nji ýylyň ýanwar aýyndan türkmen dilinde neşir edilip başlanar.

«Dünýä edebiýaty» žurnalyny döretmek baradaky pikirini Berdimuhamedow ýurduň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen 19-njy awgustda geçiren duşuşygynda ilkinji gezek aýdypdy. Şonda ýurt baştutany täze dörediljek žurnal ýaş nesilleriň dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserlerini türkmen dilinde okamaklaryny, şeýle hem meşhur türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiligi bilen dünýä halklarynyň tanyşmagyny ýola goýmalydyr diýip ýaňzydypdy.

Ýaşlar edebiýata mätäç

Umuman alanyňda, ýaş nesil diňe bir daşary ýurt edebiýatyna däl, eýsem edebiýatyň umuman özüne mätäç. Saparmyrat Nyýazowyň öz şahsyýet kultuny galdyrmak maksady bilen alyp baran syýasaty netijesinde, tas ýigrimi ýylyň dowamynda türkmen edebiýaty juda gözgyny ýagdaýa düşdi. Türkmen ýazyjylary tarapyndan döwrabap çeper eserleri döredilmedi. Professional ýazyjylar «gara sanawa» girizildi. Senzuranyň berk penjesi bolsa ýazyjylaryň ýaş nesliniň kemala gelmeginiň öňüne böwet boldy.

Käbir halklaryňkyda bolşy ýaly, türkmen edebiýatynda ölmez-ýitmez çeper eserler dökülip hem ýatanok. 1991-nji ýyla çenli döredilen eserleriň aglaba bölegi sowet ideologiýasynyň täsiriniň astynda döredilen. Bu eserler many-mazmun taýdan juda könelişensoň, täze nesli kän bir özüne çekmeýär.

1991-nji ýyla çenli döredilen eserleri okamakda täze nesil üçin ýene-de bir kynçylyk bar, ol hem şol döwrüň edebiýatlarynyň kirill harplarynda bolmagydyr.

Täze nesliň ep-esli böleginiň rus dilini bilmezligi olaryň çeper eserleri okamaklyga bolan höwesine has hem böwet bolýar. Çünki hususyýetçiler tarapyndan ýurda getirilýän täze neşir edilen dünýä edebiýatlarynyň aglaba bölegi rus dilinde.

Ine, çeper eserler babatda şu problemalara göz aýlanyňda, täze döredilen žurnalyň ýaşlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşjak neşiriniň bolmagynyň mümkindigine ynanasyň gelýär.

Täze žurnalda nähili eserler çap ediler?

Bu sowala jogap kynçylyk döretmese gerek. Berk senzuranyň gözegçiligi astyna düşjek «Dünýä edebiýaty» žurnalynda ýiti satiranyň, detektiwdir mistiki trillerleriň, sosial deňsizlikleri paş edýän eserleriň çap edilmejegi öz-özünden düşnükli. Çap ediljek eserler ýeňiljek, adaty durmuşy bolar.

Çap ediljek eserleriň awtorlyk hukugynyň goraglylygy köpleri gyzyklandyrýan-da bolsa, neşire jogapkär kişileri gyzyklandyrmasa gerek. Sebäbi şu çaka çenli ýurduň käbir gazet-žurnallarynda terjime edilip, çap edilýän käbir çeper eserleriň awtorlyk hukugy goralmaýardy. Mundan başga-da ýurduň telewideniýesiniň üç kanalynda daşary ýurduň filmleriniň garakçylyk ýoly bilen terjime edilip, görkezilip durulmagy Türkmenistanda awtorlyk hukugyna hiç hili üns berilmeýändigini subut edýär. Şu zatlary nazara alsaň, onda «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediljek eserleriň awtorlyk hukugy goralmasa gerek.

Täze žurnal häzirlikçe türkmen dilinde neşir edilmeli. Halypalyk derejesine ýeten ozalky terjimeçileriň köpüsiniň diňe rus dilinden terjime edip bilýänligi üçin, täze žurnalyň işine Döwletmämmet Azady adyndaky dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýöne olaryň terjimeçilik babatda tejribesiniň baý bolmajakdygy görnetindir.

«Türkmen goşy dura-bara» diýilýär. Täze žurnalyň ilkinji sanlary juda ýöntem çykyp biler. Emma onuň neşir edilip başlanmagynyň özi türkmenistanlylary dünýä edebiýatyna tarap bir ädim öňe iterdi diýip aýdyp bolar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG