Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa ýurtlary Irlandiýa maliýe kömegini bermekçi


Düýn ýewro pul birligini ulanýan Ýewropa ýurtlarynyň maliýe ministrleri Brýusselde geçýän maslahatda Irlandiýanyň ykdysady kynçylyklarynyň öňüni almak üçin bu ýurduň bank sektorlaryna maliýe ýardamlaryny bermekligi karar etdiler.

Ýewropanyň ministrleri bu meselede Halkara Walýuta Fondy bilen bilelikde iş alyp barjakdyklaryny mälim etdiler.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, bu maslahatdaky işewür toparyň başlygy Jan-Klaud Ýunker maliýe ýardamyny bermek meselesiniň Irlandiýanyň hökümetiniň öz islegine bagly boljakdygyny aýtdy.

Irlandiýanyň premýer-ministri Braýan Kowen bolsa öz gezeginde öz ýurdunyň daşarky maliýe ýardamlaryna aýratyn bir zerurlyk duýmaýandygyny öňe sürdi. Çünki Ýewropa ýurtlarynyň berjek maliýe ýardamlary Irlandiýanyň hökümetiniň içerki salgytlary artdyrmagy we aýlyklary azaltmagy ýaly käbir çäklendiriji çäreleri hem göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG