Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada salgyt kanunynyň proýekti protestlere sebäp boldy


Düýn Ukrainanyň dürli şäherlerinde müňlerçe telekeçiler we şirket eýeleri parlamentiň salgytlar barada kabul etmegi göz öňünde tutýan täze kanuny proýektine protest bildirip, ýöriş geçirdiler.

Şu ýylyň fewralynda Wiktor Ýanukowiçiň prezident saýlanaly bäri Ukrainada gurnalan iň uly jemgyýetçilik protest çykyşy diýlip hasaplanylýan bu ýörişlerde protestçiler «Slagyt terroryny togtat!», «Täze hökümet, utan!» diýen ýaly şygarlary gygyryşdylar.

Salgytlar baradaky täze kanuny proýekte garşy çykyş edýänler bu göz öňünde tutulýan kanunyň kiçi bizneslere salynýan salgytlary artdyrýandygyny we salgytlar arkaly edilýän korrupsiýa giň ýol açýandygyny aýdýarlar.

Düýn bu kanuny proýektiň parlamentde ara alnyp maslahatlaşylýan wagty 10 müňe golaý protestçi Kiýewde parlamentiň binasynyň öňüne ýygnandy.
XS
SM
MD
LG