Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň hökümeti Eýrana öz nägileligini bildirdi


Düýn Fransiýanyň hökümeti Eýranyň howpsuzlyk gulluklaryny Tähranda Fransiýanyň diplomatlaryna gazaply daranlykda aýyplap, beýanat ýaýratdy.

Fransiýanyň Daşary işler ministrligi bu barada ýaýradan beýanatynda şu geçen ýekşenbe güni Fransiýanyň Tährandaky ilçihanasynyň girelgesiniň bikanun ýagdaýda baglanandygyny aýdýar.

Şeýle hem, beýanatda aýdylmagyna görä, bu wakada näbelli howpsuzlyk işgärleri azyndan iki sany fransuz diplomatyny ilçihananyň içine goýbermändirler. Mundan daşary, Fransiýanyň ilçisi Bernard Polettiniň howlusynda gürnalan konserti diňlemäge baran onuň myhmanlaryny hem howpsuzlyk işgärleri tussag edipdirler.

Düýn bu bolan waka boýunça düşündiriş talap edip, Fransiýanyň hökümeti Eýranyň Pariždäki ilçisini ýörite gürrüňe çagyrdy. Eýran tarapy bu protest notasyna häzirlikçe hiç hili resmi reaksiýa bildirmedi.
XS
SM
MD
LG