Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow ilaty Gurban baýramy bilen gutlady


Düýn prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ilatyny musulmanlaryň Gurban baýramy bilen gutlap, gutlag ýüzlenmesini ýaýratdy.

Bu gutlag ýüzlenmesinde G.Berdimuhamedow «Döwlet – adam üçündir» diýlen şygardan ugur alnyp, ýurduň ilatynyň ruhy hem-de moral taýdan ösüşi barada alada edilýändigini nygtapdyr.

Şol aladalaryň hatarynda-da, ol şu ýyl Türkmenistandan 188 adamyň Saud Arabystana haj zyýaratyna ugradylmagyny bir mysal hökmünde getiripdir.

Käbir synçylar Türkmenistandan haj zyýaratyna gitjeklere şeýle çäklendirme girizilip, oňa diňe hökümet organlary tarapyndan saýlanyp alnan aýry-aýry adamlaryň ugradylmagyny tankytlaýarlar we bu ýagdaýyň raýatlaryň hukuklaryny bozmakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG