Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýatda ýok, emma unudylanok


2008-nji ýylda moskwaly adwokat Sergeý Magnitskiý Orsýetiň birnäçe ýokary derejeli resmisini uly möçberdäki maliýe galplyklarynda aýyplap, çykyş edipdi.


Häkimiýetler onuň bu aýyplamalaryna ony tussag etmek bilen jogap berdiler. Sergeý Magnitskiniň tussaglykda ejir çekip ölmegine düýn dogry bir ýyl boldy. Ýöne onuň ölümi, öz gezeginde, ýurduň häkimiýetleriniň abraýyna kölge saldy.

Sergeý Magnitskiniň ömrüne we ölümine bagyşlanylyp Gollandiýanyň kino işgärleri tarapyndan döredilen we «Sergeý üçin adalatlylyk» diýlip atlandyrylan dokumental film düýn Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň deputatlaryna hem-de Londonda Britaniýanyň parlamentiniň deputatlaryna görkezildi. Bu filmi Ýewropa Parlamentinde, şeýle hem Kanadanyň, Estoniýanyň we Germaniýanyň parlamentinde-de görkezmeklik planlaşdyrylýar.


Filmiň režissýorlaryndan biri Hans Hermans bu dokumental filmiň belli bir derejede Sergeý Magnitskiniň işlän «Hermitage Capital» kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirilendigini aýtdy. Ýöne, onuň aýtmagyna görä, zerur bolan serişdäniň aglaba bölegi filmi döredijileriň özleri tarapyndan toplanypdyr.

Waşingtonda bu filmi görkezmek çäresini gurnaýjylardan biri demokrat senator Benýamin Kardin Sergeý Magnitskiniň ölümi bilen baglanyşykly meseläni halkara derejesinde gozgap gelýän tanymal syýasatçylardan biri.

Ol özüniň bu ugurda alyp barýan kampaniýasynyň maksadyny şeýle düşündirdi: «Orsýetiň häkimiýetleri bu iş boýunça tä düýpli derňew geçirilýänçä we ähli günäkär adamlar jogapkärçilige çekilýänçä biziň bu meseläni gozgamagymyzy dowam etdirjekdigimize düşünýändirler diýip pikir edýärin».

«Orsýet käbir zatlara borçly bolup dür. Orsýetiň häkimiýetleri Helsinki Ylalaşygyna gol goýdular, emma olaryň hereketleri welin, bu Ylalaşygyň talaplaryndan daşary çykýar. Şoňa görä-de, biz bu meseläni gozgamagymyzy dowam etdirmekçi. Men özümiziň bu hereketimiziň ynsan hukuklary meselesinde Orsýetiň kabul edýän kararlaryna öz täsirini ýetirer diýip umyt edýärin» diýip, demokrat senator Benýamin Kardin aýtdy.

Türmede öldi

2008-nji ýylda 37 ýaşly Sergeý Magnitskiý Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň, Federal salgyt gullugynyň, Federal howpsuzlyk gullugynyň we käbir beýleki edaralarynyň ýokary derejeli resmilerini 230 million dollar döwlet serişdesini galp ýollar bilen ogurlamakda günäkärläp çykyş edipdi.

Bu işde aýyplanylýanlaryň sanawyndaky Içeri işler ministrliginiň resmileri Pawel Karpow bilen Artýom Kuznesow tiz wagtdan Sergeý Magnitskiniň özüni jenaýat işinde aýyplap, oňa garşy jenaýat işini açdylar. Hususan-da, olar şol wagt aklawçy hökmünde iş alyp barýan Sergeý Magnitskini salgyt jenaýatçylygynda aýyplanylýan öz müşderisiniň jenaýatçylygyna dahyllylykda aýypladylar. Şol aýyplamanyň yzy bilenem ol tussag edildi.



Içege keselinden ejir çekýän Sergeý Magnitskä türmede tas bir ýyllap diýen ýaly zerur bejergi berilmän, onuň çakdanaşa agyr tussaglyk şertlerinde saklanmagynyň netijesinde, ol 2009-njy ýylyň 16-njy noýabrynda türmede aradan çykypdy.

Magnitskiniň tarapdarlary oňa türmede medisina kömeginiň berilmezligini ony resmilere garşy bildirýän öz jenaýat aýyplamasyndan ýüz öwürmäge mejbur etmek üçin ulanylan çäre diýip düşündirýärler.

Sergeý Magnitskiniň ölümi bilen baglanyşykly halkara jemgyýetçiliginiň bildiren aladalaryna jogap edip Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew şonda türmäniň jogapkär işgärlerinden 20-sini wezipesinden boşadyp, bu iş boýunça derňewiň geçirilmegine görkezme beripdi. Emma aradan tutuş bir ýylyň geçendigine garamazdan, bu iş boýunça häzire çenli hiç kim jogapkärçilige çekilmedi.
XS
SM
MD
LG