Sepleriň elýeterliligi

Soňky ýyllarda adamlaryň ahlagy üýtgäpdir diýip, köp gürrüň edýärler. Üýtgäpdir diýilýär. Özem ýaramaz tarapyna. Gürrüňlere görä, adamlardan ynsap göterilipdir, dogan dogany çürkeýär, dost dostdan tamakin, hiç kimiň kireýsiz kilim kakasy gelenok, kyn günde birek-birege kömek etmek, taňryýalkasyn almak azalyp barýar.

Şeýle pikirdäkiler bilen jedel etmek kyn. Ýurtda işsizligiň köpelmegi bilen, hususy sektorlaryň ugrukmagy bilen, neşe belasynyň artmagy bilen ýaşaýyş-durmuş şertlerinde özgermeler görnüp başlady.

Ozallar alyp-satarlary peýdakeşler diýip ýazgarardyk. Hususy maşynlarynda kireý edýänleri geňlärdik. Häzir beýle zatlar durmuşyň kadasyna öwrüldi.

Döwür aýlanýar, döwür üýtgeýär. Adamlaram döwre görä üýtgeýär. Durmuşyň üýtgemegi adamlaryň ýüzüniň hakyky perdesini-de açyp görkezýär. «Şüý-ä ganymadrak» diýen adamyňam baryp ýatan melgun bolup çykaýýar.

Elbetde, ozalam, häzirem gowy adamlaram köp bolupdy, ýaramaz adamlaram ýeterlik bolupdy. Ýöne gyssaga düşeniňde hemaýaty ýetäýer diýen adamyňdan çakyň çykmasa, serpmeden gaýdana dönýärsiň.

Şu waka öz başymdan geçdi. Obada ýaşaýan ýegenlerimden howsalaly jaň geldi. Aýal doganym näsaglapdyr. Men oda-köze düşdüm. Ýeňil-ýelpaý kesel bolsa, meni azara goýup durmazdylar. Bärde düýpli zat bardyr diýen pikir meni gyssanmaga mejbur etdi.

Ir günüň gijigip barýar. Wagtyň durumy ýok. Bäri-bärde oba ýok. Haýdan-haý maşyn tapmalydy. Birdenem hususy maşynyny taksi edinip ýören goňşym ýadyma düşdi. Özem daşda-da ýaşanok. Biz bilen arasy dört-bäş öý.

Hasyr-husur geýindim-de, onuň ýanyna ugradym. Ýagdaýy düşündirdim. Goňşym ýap-ýaňy maşyn süre-maşyn süre, ýadap gelendigini, heniz duzam datmandygyny ýaňzydyp, sypaýyçylyk bilen haýyşymdan ýüz öwürdi.

Başga ýerden maşyn tapmagyň hyllalla boljagyna gözüm ýetip duransoň, menem hamymy gataltdym. Özümiň ýagdaýa düşünýändigimi, onuň maşyndan çörek iýýändigini bilýändigimi, hakyny iki esse tölejekdigimi, kyn düşse-de, garaz, eýdip-beýdip aýtdym.

Goňşym şonda-da biraz tykyrady. Ýöne «Iki esse tölejek» gürrüňi ony ýumşatdy. «Gowy görýän goňşulammyň biri bolaýýaň. Başga biri bolan bolsa, ömrylla razylaşmazdym. Gideli. Ýöne bir şert bilen. Baran ýeriňde garaşman. Oba taşlap, yzyma gaýdaryn!» diýip, goňşym maşynynyň açaryny alyp, ýerinden turdy.

Ulag bir gowy zat. Bir sagada ýetmän, aýal doganymyň ýaşaýan obasyna bardyk. Wada berşim ýaly, goňşyma iki esse hak töledim. Ol: «Senden pulam almaly däl welin, şu wagt benzinem gymmat. Maşynyň onsy-munusy döwlüp, çykdajam edilip dur…» diýip, gepini göwnüne jaýlady. Şeýdibem, maşynyny öwrüp, yzyna ýola düşdi.

Men aýal doganymyň öýüne girmäge howlukdym. Bolsa-da, gowulyk eken. Ýüreginden tutup, özüni bilmän ýatypdyr. Däri-dermanyň güýji bilen bäri bakypdyr. Garaz, ölümlik zad-a ýok eken.

Az-owlak oturamsoň, yzyma gaýtmak üçin turdum. «Ýatyp gidäý» diýselerem etmedim. Ertirki iş-güýjem ýetikdi.

Uly ýola çykdym. Günüň mazaly gijigenligi üçin ýollarda maşyn seýrekläpdi. Bolsa-da bir maşyn geldi. Şoňa daklyşdym. Sürüji menden: «Ýaman giçläpsiň-le? Eýgilikmi?» diýip sorady.

Men oňa aýal doganymyň ýaramandygyny, şony sorap gelýändigimi düşündirdim.

Sürüji alçak ýigit eken. Gürrüňimiz alşyp gitdi. Öýe nähili ýetenimizi duýman galypdyryn.

Sagbollaşyp, maşyndan düşjek bolup durkam, men ondan: «Näçe bermeli?» diýip, soradym-da, elimi jübime sokdum.

— Hiç zadam gerek däl! — diýip, sürüji jogap berdi. — Sen-ä syrkaw sorap, sogap gazanyp gelýäň. Menem sogap gazanany öýüne getirip, sogap gazanýan. Ikimizem sogap gazanýas. Dünýede sogabam gazanmal-a, puluň yzyndan ylgap, ömür ötürip bolmaz.

Beýle jogaba garaşmamsoň, pully elim howada doňup galdy. Iki esse pul tölän goňşym ýadyma düşdi. Ony «Sogabam gazanmaly!» diýip duran sürüji bilen deňeşdirdim. Şol wagt hiç hili kesgitli netijä gelip bilmedim. Sürüji ýigide: «Taňryýalkasyn. Ýoluň ak bolsun!» diýdim-de, maşyndan düşdüm.

Iki adam — iki dünýä. Ikisi-de kireýden çörek iýýä. Biri goňşy, beýlekisem nätanyş. Tapawudy ýer bilen gök ýaly.

Ýok. Men goňşymy ýazgarmak islämok. Jemgyýet, döwür näçe üýtgese, üýtgäbersin, gowy adamlaryň möwriti hiç haçan geçmez. Ýöne gowy adamlar hiç döwürde-de bol bolmandy. Şeýle-de bolsa, dünýäni gowy adamlaryň saklaýanyna ynanasym gelýär. Şeýle hem bir zady aýdasym gelýär — alkyş alýan adamlaryň rysgally hem-de döwletli bolýandygy-da hakykat. Muny gündelik durmuş görkezip dur.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG