Sepleriň elýeterliligi

Bakyýewiň sud işi başlandy


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki şu günki diňlenişik jemgyýetçilik üçin açyk boldy.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki şu günki diňlenişik jemgyýetçilik üçin açyk boldy.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň üstünden Bişkekdäki şu günki sud prosesi aprel aýynda bolan gazaply protestlerde pida çekenleriň, ölenleriň we ýaralananlaryň garyndaşlary bilen polisiýanyň arasyndaky çaknyşyklar bilen başlandy.

Öňki prezident Bakyýew ýörite güýçlere buýruk berip, öz syýasatyna garşy protest bildiren adamlara ot açdyranlykda aýyplanýar. Bakyýewiň ýurtdan gaçyp çykmagyna getiren bu protestde 90-a golaý adam ölüp, 100 töweregi adam ýaralandy. Häzir Belarusda gaçybatalgada ýaşaýan Bakyýew özüne bildirilýän bu günäleri ret edýär.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki şu günki diňlenişik jemgyýetçilik üçin açyk boldy. Ýöne çaknyşykda pida çekenler we olaryň garyndaşlary sud öňünde duranlara “bular öldürilmeli” diýip topulansoňlar, sudýa diňlenişigi penşenbe gününe geçirdi.

Ot açylanda aýagyndan gülle degen Jyldyzbek Kulçaýew prostestlerde iki doganynyň ölendigini aýdýar: “Biz baş prokuror Kubatbek Baýbolowyň suda gelip, bize hasabat bermegini talap edýäris. Ýöne proses adalatly bolmaly”.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew öz syýasatyna garşy protest bildiren adamlara ot açdyranlykda aýyplanýar.
Garşysyna sud işi gozgalan 28 adam ýa adam öldürenlikde ýa-da bu işe gytaklaýyn gatnaşanlykda aýyplanýar. Olara garaşýan jeza 10 ýyl bilen ömürlik türme tussaglygynyň aralygynda. Proses ýene birnäçe güne çeker diýlip, pikir edilýär.

Günäkärlenýänleri adwokatlary: “Aýyplanýanlaryň käbiriniň özüne bildirilýän günä barada ýeterlik maglumaty ýok” diýip, oňadrak taýýarlyk üçin prosesi 40 gün yza süýşürmegi soradylar. Ýöne prokurorlar muny ret etdiler.

Aprel aýyndaky çaknyşyklarda dogany ölen Çynara Jadyşbaýewa aýyplanýanlaryň adwokatlara gaharlandy: “Bir adam ýas tutýarka, gülkä ýer ýok. Ýöne size diňe pul gerek. Siziň ynsabyňyz nirede? Size ölenleriň ruhy gargasyn!”.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti öten tomus ýurtda gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda turan çaknyşyklardan bäri durnuklylygy gorap saklamaga synanyşýar. Bu çaknyşyklarda 400-den agdyk adam öldi.

Ýurtda öten aý täze parlament saýlandy. Prezident Roza Otunbaýewa Gyrgyzystanyň öňki sowet Merkezi Aziýasynda ilkinji bolup parlamentar demokratiýany gurýanlygyny aýdýar. Ýöne parlamente saýlanan bäş partiýanyň içinde köplük orny alany ýok. Olar bir koalision hökümet gurup, bir premýer-ministr saýlap bilmeseler, parlamenti ýatyrmaly bolar.
XS
SM
MD
LG