Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň maliýe ýolbaşçylary Irlandiýa ýardam bermäge taýýar


Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri Irlandiýa maliýe ýardamyny bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

ÝB-niň maliýe ministlerinden düzülen komitetiň ýolbaşçysy Žan Klod Junkeriň aýtmagyna görä, şeýle kömege näderejede mätäçdigini Dubliniň özi çözmeli.

Irlandiýanyň premýer-ministri 16-nji noýabrda eden çykyşynda maliýe krizisini başdan geçirýän Irlandiýanyň entek beýleki ýurtlardan maliýe ýardamyna mätäç däldigini öňe sürdi.

Global maliýe krizisi netijesinde Irlandiýada häzir ýiti býujet defisiti bilen bagly problemmalar ýüze çykdy.

Irlandiýadaky kynçylyklar ýewronyň durnuklylygy bilen bagly aladalaryň gaýtadan ýüze çykmagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG