Sepleriň elýeterliligi

Yragyň prezidenti Taryk Aziziniň öldürilmegine garşy


Yragyň prezidenti Jalal Talabani Saddam Huseýniň öňki orunbasary bolan Taryk Aziziniň ölüm jezasyna höküm edilmegi baradaky karara gol çekmejekdigini aýtdy.

Fransiýanyň telewideniýesine beren interwýusynda Jalal Talabani özüniň şeýle karara gelmegininň sebäbini ölüm jezasyna höküm edilen Aziziniň yrakly ýaşuly hristiandygy bilen düşündirdi.

Oktýabr aýynyň ahyrynda Yragyň sudy 2003-nji ýylyň aprel aýyndan bäri tussaglykda saklanan 74 ýaşly, saglygy ýaramaz bolan Taryk Azizini ölüm jezasyna höküm etdi.

Watikan we Orsýet ynsanperwerlik maksady bilen Yragy bu ölüm jezasyny ýerine ýetirmezlige çagyrdylar.

Ýöne Yragyň prezidentiniň bu ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegine garşy bolmagy Taryk Azizini ölümden halas edip bilermi ýa ýok - ol entek belli däl.
XS
SM
MD
LG