Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda graždan aktiwisti azatlykdan mahrum edildi


Eýranda tussag edilen žurnalist we hukuk goraýjy aktiwist Abdolreza Täjigiň aýal dogany Parwin Täjik Eýranyň režimine garşy propaganda ýaýradanlykda aýyplanyp, 18 aý türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol 2009-njy ýylyň 12-nji iýulynda tussag edilen dogany görmek üçin Eýranyň Ewin türmesine baran wagtynda Abdolrezanyň türmede özüniň namysyna deglendigi barada aýdandygyny, eýran türmelerindaki ýagadaýlar hakda metbugata, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Pars gullugy bolan Farda Radiosyna birnäçe gezek habar beripdi.

Täjikleriň maşgalasy iýul aýynda žurnalist Abdolreza Tajigiň tussaglykda kemsidilendigi barada Eýran sudunyň adyna açyk hat hem ýollady.
XS
SM
MD
LG