Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jo Baýden: “Senat START şertnamasyny tassyklamaly”


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden ýurduň Senatyny Orsýet bilen baglaşylan START şertnamasyny haýal etmän tassyklamaga çagyrdy.

16-njy noýabrda Respublikan partiýasyndan bolan senator Jon Kyl şu ýylyň ahyryna çenli Senatda START şertnamasyna garalmazlygynyň mümkindigini aýdansoň, Jo Baýden bu beýanat bilen çykyş etdi.

Jo Baýden bu meseläniň gaýra goýulmagynyň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna zeper ýetirip biljekdigini duýdurdy.

Onuň aýtmagyna görä, ýadro ýaraglarynyň sanyny çäklendirmek barada şu ýylyň aprel aýynda Praga şäherinde Orsýet bilen gol çekilen täze START şertnamasy ABŞ-nyň Senatynda tassyklanmasa, Orsýetiň ýadro ýaraglaryny barlamaga ABŞ-nyň ygtyýarlygy bolmaz.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Senatdaky demokratlaryň sany ýanwar aýynda 51%-e çenli kemelýänçä bu mesele bilen bagly ses berişligiň geçirilmegine garaşýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG